Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Sungatym bar, sarpam bar

2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde  dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça “Sungatym bar, sarpam bar”  atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen milli mirasymyz yzygiderli ösdürilýär, täze döwrüň ruhunda baýlaşdyrylýar. Milli saz gurallarymyzyň içinde dutara aýratyn sarpa, aýratyn gadyr goýulýar. Halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan dürli senetleri dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu jadyly senedimiziň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip belläp geçdiler hem-de  milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy döwrebap derejede ösdürmek barada edýän irginsiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.  

TSTP