Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Datly şerbet» hususy kärhanasynda Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanynda dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi. Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň aýrylmaz baglanşygy, atşynaslyk sungatynyň ösüşi hem-de bedewlerimiziň daşary syýasatymyzyň belent nyşanydygy nygtaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň milli atçylygy ösdürmekdäki tagallalaryny mynasyp dowam etmekde asylly işleri durmuşa geçirýär. Ýaňy ýakynda türkmen atşynaslarynyň Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke bedewleriniň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmagy-da munuň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiziň ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada ylmy, taryhy, edebi maglumatlar, milli seýisçiligiň usullary beýan edilen «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň guralmagy bolsa taryhy wakalary çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewleriň at-abraýy dünýä dolýar. Şundan gur alsak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany» diýilip yglan edilmegi çuňňur many mazmuna eýedigi nygtaldy. Çärä gatnaşyjylar milli mirasymyzy dikeltmekde we bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.
TSTP