Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýetinde «Halkymyzyň abadançylygy we bagtyýar durmuşy – döwlet syýasatynyň baş maksady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmen döwletliliginiň gözbaşynda halkyň ynsanperwerligi, döwletiň we raýatlaryň agzybirligi, olaryň özara täsiri hem-de hyzmatdaşlyk hereketleri durýar. Hukuk döwletiniň, şeýle hem raýat jemgyýetiniň esasy görkezijileriniň biri halkyň häkimiýeti, ýagny raýatlaryň döwletiň, jemgyýetiň durmuşyny dolandyrmaga giňden gatnaşmagynyň üpjün edilmegi bolup durýar. Munuň özi halkyň bähbitlerini şöhlelendirmek bilen, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda iň wajyp meseleleriň ýüze çykarylyp, olaryň çözgüdiniň tapylýan, täze ösüşlere ýetmekde kararlaryň kabul edilýän möhüm gurluşyny emele getirýär. Kabul edilýän şeýle çözgütleriň özeninde bolsa, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçiliginiň, döwrebaplygynyň hem-de her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ýörelgeler aýdyň şöhlelenýär. Bu bolsa her bir adamyny öz ornunda döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ata Watanymyzda dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilip, halkymyzyň ynanyşmak, parahatçylyk söýüjilik ýol-ýörelgeleri rowaçlyklara beslenýär. 

Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şunuň ýaly belent abraý-mertebä eýe bolandygymyz bilen köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri  rowaçlyklara beslensin! 

TSTP