Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ÝOL HEREKEDINIŇ HOWPSUZLYGY-BAGTLY WE ABADAN DURMUŞYŇ GIREWI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Ýol herekediniň howpsuzlygy-bagtly we abadan durmuşyň girewi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlap hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynda raýatlaryň saglygy hemme zatdan ýokarda goýulýar. Bu ugurda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar. Ýurdumyzda döwrebap ýol-transport ulgamlarynyň gurulmagy, sürüjiler we ýolagçylar üçin howpsuz hem-de amatly şertleriň döredilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ýaň salýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP