Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

MUKADDES GARAŞSYZLYK WE AHALTEKE BEDEWLERI: PARAHATÇYLYGYŇ HEM DOSTLUGYŇ EBEDI NYŞANY

16.09.2026 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylyk günleriniň öňýanynda dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatda Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň aýrylmaz baglanşygy hem-de atşynaslyk sungatynyň ýeten ýokary derejesi barada giňişleýin bellenildi. Bedewlerimiziň ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk daşary syýasatynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň we ösüş ýolunyň ajaýyp nyşanydygy nygtaldy. Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar çärä aýratyn baýramçylyk ruhuny berdi. Maslahatyň ahyrynda milli mirasymyzy belentde tutýan, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde beýgeldýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

TSTP