Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrap tikin fabriginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty bagtly we abadan durmuşyň girewi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahata partiýa işjeň agzalary, etrap tikin fabriginiň işgärleri, ýerli telekeçiler hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyndaky taryhy ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Çärä gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize sagbolsunlaryny beýan etdiler.
TSTP