Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Mary welaýat saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her bir halkyň taryhynda onuň ykbalyny, geljegini we mertebesini kesgitleýän şanly senäniň türkmen halky üçin iň mukaddes, iň gymmatly we iň eziz baýram — Mukaddes Garaşsyzlyk günüdigini nygtadylar. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň milli buýsanjymyz we döwletliligimiziň synmaz binýady bolup. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyzy beýik maksatlara tarap alyp barýan goşa ganatdygy. Şeýle mukaddesliklere buýsanmaga, türkmen halkynyň at-abraýyna guwanmaga haklydyrys diýip belläp geçdiler. Çünki döwletimiz 35 ýylyň dowamynda belent sepgitlere eýe boldy. Bu günki gün ajaýyp zamanamyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna uludan taýýarlyk görülýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda yhlasyny gaýgyrmaýan türkmen telekeçileri ajaýyp baýrama özleriniň ýeňişli gadamlary, uly üstünlikleri bilen barýarlar. Çärä gatnaşyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumlary hemişe rowaç bolsun!
TSTP