Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda «Farap» şypahanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen «Milli Liderimiziň beýik ýoly, Hormatly Prezidentimiziň taryhy ösüşleri!» atly maslahat ýurdumyzda alnyp barylýan döwletli işleriň, gazanylýan uly üstünlikleriň we döwrümiziň beýik özgertmeleriniň dabaralanmasydyr.
Bu giň möçberli çäre Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli hem-de üstünlikli dowam etdirýän parasatly syýasatynyň mazmunyny, ata Watanymyzyň abadan geljegine gönükdirilen taryhy ösüşlerini wagyz etmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Maslahatda bellenilişi ýaly, welaýatyň ähli pudaklarynda, şol sanda telekeçilik we jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan giň gerimli işler halkymyzyň agzybirliginiň, Hormatly Prezidentimize bolan çuňňur buýsanjyň aýdyň şaýadydyr. Şeýle duşuşyklar ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgularyny pugtalandyrmaga we olary ýurdumyzyň ösüşine işjeň goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Halkymyzyň abadan, bagtyýar we röwşen geljegi ugrunda gije-gündiz yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz sagbolsun aýdýarys. Ýurdumyzy belent sepgitlere we täze belentliklere ynamly alyp barýan parasatly ýolbaşçylarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP