Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda «Hormatly Prezidentimiziň beýik işleri – il-günümiziň abadançylygy!» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeler amala aşyrylýar, ajaýyp ösüşler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda ýurdumyzyň her bir ulgamyna aýratyn üns berilýär. Mukaddes Garaşsyzlyk beýik taglymdyr, türkmen halkymyzyň baky bagtyýarlygydyr. Şonuň üçin hem bu mukaddesligiň halkymyza eçilen bagty örän beýikdir. Mukaddes Garaşsyzlygyň ýyllary içinde ýurdumyzda uly üstünlikler gazanyldy, ylymda, ykdysadyýetde, senagatda, gurluşyk-binagärlikde belent sepgitlere ýetildi. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen desgalar, zawodlar, döwrebap kärhanalar, durmuş-medeni ulgama degişli binalar beýik ösüşleriň aýdyň beýanydyr diýip giňişleýin belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň ösüşleri we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda bimöçber aladalary durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
TSTP