Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Täze aý önümleri» haryt nyşanly şöhlat öndürýän önümçilik kärhanasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda – beýik işler – beýik döwre ýaraşyk» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler barada durup geçdiler. Şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan zähmet üstünlikleriniň halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda kärhananyň işgärleri ýurdumyzda telekeçilige, senagata we zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýänleri üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP