Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda «Döwletli – Döwran» hojalyk jemgyýetinde, partiýa agzalarynyň gatnaşmaklarynda, ýaňy ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde uly dabaralara we şanly wakalara beslenip geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler we kararlar dogrusynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşykda Baky Bitarap Döwletimiziň gün saýyn artýan şan-şöhraty barada giňişleýin buýsançly gürrüňler edildi. Geçirilen çärä partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza işlemek, asuda-parahat ýaşamak, dynç almak üçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP