Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BAGTYÝAR ZAMANA – BAGTLY GELJEK

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň binasynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar zamana – bagtly geljek» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çäräniň esasy maksady Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda düýbi tutulan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan rowaçlandyrylýan döwletli işleri, ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerini, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň ähmiýetini giňden düşündirmekden ybarat boldy. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň ösüşi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP