Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Halk Maslahatynyň taryhy çözgütleri-bagtyýar geljegimiziň beýik binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyryldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlary bilen tassyklanan möhüm resminamalarda ýurdumyzyň geljekki ösüş ugurlary aýdyňlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň maslahatda eden çykyşy, hakykatdan-da, maksatnamalaýyn çykyş boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen döwletiniň içeri hem daşary syýasatda gazananlary, şonuň bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda, dünýä dolan at-abraýy hakynda aýtdy. Bitirilen işlere, ýetilen sepgitlere çuňňur seljerme bermek bilen, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, ruhy-medeni babatda mundan beýläkki ösüş ugurlaryny kesgitledi diýip giňişleýin belläp geçdiler. Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda döwletimiziň hem jemgyýetimiziň ösüşleriniň ilerlemegine, täze belent sepgitlere ýetilmegine, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
TSTP