Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Orazowyň önümçilik kärhanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň bähbitlerini nazarlap, beýik geljege» atly maslahaty geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň öň ýanynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu ählumumy forumda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütlerdir Kararlar kabul edilip, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirildi. Halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen bu mejlis halkymyzda ýokary ruhubelentligi döretdi. Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle işlere goşantly bolmak bolsa biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, il-ýurdumyzyň parahat, asuda, bagtyýar, bolelin durmuşy hakynda edilýän aladalar barada giňişleýin belläp geçdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ähli taraplaýyn ösdürmek, halkara gatnaşyklaryny has-da berkitmek hakynda parasatly pikirleri öňe sürdi. Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi, geljekki ösüşlerimize badalga berdi. Peder ýoluna eýerýän hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde ähli şertler bar. Ýurdumyzyň has-da ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmet çekýän agzybir halkymyz Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
TSTP