Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BEDEW BATLY ÖSÜŞLER: BEÝIK GELJEGE TARAP ÄDIMLER

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň guramagynda Bereket etrap Tikin fabriginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy bolup geçdi. Çäräniň esasy maksady Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda başlanan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzyň täze taryhy döwürdäki ösüşlerini, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň ähmiýetini giňden wagyz etmekden ybarat boldy. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP