Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Garaşsyzlygyň gymmaty – dünýä döwletleri, goňşy halklar bilen ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň täze derejä çykmagy» atly wagyz–nesihat çäresi geçirildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan dünýä döwletleri we goňşy halklar bilen alyp barýan syýasaty ynsanperwerlik dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar. Dünýä döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagy, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegi ugrunda ýurdumyzyň medeniýet, ylym, bilim, diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän şeýle dostluk-doganlyk gatnaşyklary Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitabynyň hem mazmunyny düzýär. Ol mazmun kitapda şeýle ajaýyp jümlelerde beýanyny tapýar: “Dostluk, goňşuçylyk däp-dessurlary eziz Diýarymyzda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda aýdyň ähmiýete eýedir. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykmagy döwletleriň arasyndaky syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Garaşsyzlyk döwründe türkmen halkynyň milli mirasyny, taryhyny we medeniýetini dünýä derejesinde wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Halkymyzy bagtyýar geljege we belent maksatlara tarap ynamly alyp barýan, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze belentliklere göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP