Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER – ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda Balkanabat şäherindäki «Türkmennebit» DK-nyň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat çeresi geçirildi.

Taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde dürli maksatly binalaryň, desgalaryň hatary barha artýar. Bu bolsa halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy hakynda edilýän aladadan gözbaş alýan tutumly işleriň dowamat-dowamdygynyň aýdyň güwäsi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagy munuň nobatdaky subutnamasy bolup, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde uly işleriň alnyp baryl-ýandygyny, hususan-da, türkmen topragynyň taryhy künjeklerini döwrebaplaşdyrmak ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezen möhüm ähmiýetli waka boldy. Ýurdumyzda täze awtoulag ýollaryny gurmak, ozal bar bolanlaryň durkuny täzelemek Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda dikeltmek babatda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň möhüm bölegi bolup durýar. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi hem ajaýyp döwrümiziň buýsandyryjy hakykaty bolup, adam hakyndaky alada ýugrulan beýik işleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň berkarar Watanymyzyň dünýäniň ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ynamly goşulmagynda amatly şertleri döretjekdigini bellemek ýakymlydyr. Sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky, söwda-haryt dolanyşygyny, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmekdäki wajyp orny bu ýoluň möhüm ähmiýetli taraplaryny emele getirýär.

TSTP