Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

YNSAN SAGLYGY - DÖWLETIMIZIŇ BAŞ GYMMATLYGY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň hem-de Balkan welaýat Maliýe we ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Bütindünýä saglyk güni wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Diýarymyzda ilatyň saglygy bagtyýar durmuşyň kepili bolup dabaralanýar. Gazanylan her bir üstünlikleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ynsan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky taýsyz tagallalary durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýşyň hukuk binýady kämilleşdirilýär, ilatymyza saglygy goraýyş kömegini bermegiň, keselleriň önüni almagyň, bejeriş we sagaldyş işiniň kämil ulgamy döredilýär. Döwrebap saglyk merkezleriniň giň toplumy gurulýar, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýar, saglyk babatda täze garaýyşlary bolan raýatlarymyzyň sany gün-günden artýar.

Ýurdumyzda ynsan saglygy babatdaky alada halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler bilen sazlaşykly alnyp barylýar. Çünki halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ony has-da ýokary derejelere ýetirmek babatda durmuşa ornaşdyrylýan işler bu gün oňyn netijelerini berýär. Munuň özi ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bilen pugta baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň buýsanjy çäksizdir, il - ýurt bähbitli uly tutumlaryň başynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

TSTP