Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenanlar-zeminiň zynaty» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlarymyza goýulýan sarpa has belent derejelere ýetirildi. Ony biz döwletimizde zenanlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin gündelik amala aşyrylýan işleriň mysalynda hem görýäris. Baharyň gelmegi bilen, kümüş saçly enelerimiziň, baýdak ýaly gelinlerimiziň, bägül ýaly owadan gyzlarymyzyň baýramy bolan Halkara zenanlar güni eziz Diýarymyzda il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda uly şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilýär. Bu baýramyň döwlet derejesinde bellenip, uludan tutulmagy bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde zenanlara goýulýan hormatyň, sarpanyň örän ýokarydygynyň nyşanydyr.
Duşuşyga gatnaşanlar zenanlaryň mertebesini belende göteren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP