Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

KITAPLAR DÜNÝÄSI-BILIMLER DÜNÝÄSI

          2025-nji ýylyň 17-nji  dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda  Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda «Kitaplar dünýäsi-bilimler dünýäsi» atly bäsleşik  geçirildi.

          Bäsleşigiň maksady «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp, bilim edaralarynda kitaphana işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmunyny beýan etmek, ýaşlarda kitap okamaga höwes döretmek, kitaphana işini kämilleşdirmek babatda öz iş tejribeleri, ulanýan usullary hakynda edebi-çeper çykyşlary, guraýan sergileri esasynda taýýarlan wideorolikleri bilen özara bäsleşdiler.

           Bäsleşigiň dowamynda üstünlikli çykyş eden mekdep kitaphanaçylara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan Hormat hatlary we  sowgatlar bilen sylaglandylar.   

        Şeýle ajaýyp döwürde okamaga, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri beýan edildi. 

TSTP