Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Bitaraplyk: dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak işinde ýurdumyz abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk taglymaty häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy berkitmek, abadan durmuşy üpjün etmek babatda öz taryhy-syýasy ähmiýetini barha pugtalandyrýar. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde eziz Diýarymyz dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düýpli ösdürdi diýip giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda bedew batly ösüşleriň täze gözýetimlerini açyp, mähriban halkymyzy beýik işlere we ýokary sepgitlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrmaga gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
TSTP