Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

BITARAPLYK: PARAHAT GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk: parahat geljege iň mukaddes mirasdyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň taryhy esaslandyrmasy ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, sabyrlylyk, başgalaryň pikirine we garaýşyna hormat goýmak, myhmansöýerlik we açyklyk ýaly häsiýetleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şu şanly ýylda durmuşa geçirilýän işleriň ählisiniň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň parahat we abadan durmuşyna, ýurtlaryň gülläp ösüşine gönükdirilýändigi, şeýle döwletli tutumlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, örän oýlanyşykly syýasy başlangyçlarynyň möhüm orun eýeleýändigi barada giňişleýin belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzy ösüşleriň ak ýolundan röwşen geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP