Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ, ASUDALYGYŇ ŞUGLASY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda «Döwletli – Döwran» hojalyk jemgyýetinde, partiýa agzalarynyň gatnaşmaklarynda «Bitaraplyk – parahatçylygyň, asudalygyň şuglasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Geçirilen duşuşykda Baky Bitarap Döwletimiziň gün saýyn artýan şan-şöhraty barada buýsançly gürrüňler edildi. Geçirilen çärä partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza işlemek, asuda-parahat ýaşamak, dynç almak üçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny  we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.   

TSTP