Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk – müdimi abadançylyk» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Hemişelik Bitaraplygymyz diňe bir halkymyz üçin däl-de, eýsem, umumadamzat bähbitleri üçin aýdyň ýol-ýörelgedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde hem uly orny bardyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň we dünýäniň taryhy ähmiýetli wakasydyr. Şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedir, onuň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm tapgyrydyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi türkmen Bitaraplygynyň iş ýüzünde ykrar edilýändigini görkezýär. Hut şeýle asylly ýörelgelere eýerýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy özüniň doly many- mazmunynda sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, deň hukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary umumadamzat bähbitlerini nazarlap, dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
Goý, dünýäde parahatçylygy goldamak bilen, sebit we dünýä derejesinde ösüş gazanmak arkaly oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny öňe ilerledýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!
TSTP