Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

«NESILCOFFE» KÄRHANASYNDA TALYPLAR ÜÇIN TEJRIBE OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, telekeçi T. Baýramdurdyýewa degişli bolan «Nesilcoffe» haryt nyşanly önüm öndürýän kärhanasynda talyplar bilen tejribe okuw sapagy geçirildi. 

Ýaşlaryň alýan nazary bilimlerini amaly önümçilik bilen utgaşdyrmak maksady bilen guralan bu sapakda talyplar kärhananyň iş gurluşy, önümçilik kuwwaty hem-de ulanylýan häzirki zaman awtomatlaşdyrylan tilsimatlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Sapagyň dowamynda talyplara kofe önümlerini gaýtadan işlemek, gaplamak, hili dolandyrmak hamala zähmet howpsuzlygy boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Kärhananyň tejribeli hünärmenleri we partiýa wekilleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde ýaşlara hususy pudagy ösdürmek, milli önümçiligiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we telekeçilik başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça gymmatly maslahatlar berildi. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglara giňişleýin jogap alyp, geljekki hünär kämilligi üçin uly amaly tejribe topladylar.

Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda bilimi we önümçiligi berk baglanyşdyrmaga, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegine hem-de hususy pudagyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çuňňur sagbolsun aýtdylar. 

TSTP