Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GARAŞSYZLYK – BAGTYŇ WE ROWAÇLYGYŇ AÇARY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk – bagtyň we rowaçlygyň açary» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli guralan bu dabaraly çärede çykyş edenler ata Watanymyzyň gazanýan beýik üstünlikleri, berkarar döwletimiziň galkynyşly ýoly we telekeçilik hem-de bilim pudaklarynyň gazanan sepgitleri barada buýsanç bilen nygtadylar. Çärede çykyş edenler ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde hakyky Garaşsyzlygyň berýän beýik mümkinçilikleriniň we döwletimiz tarapyndan döredilýän giň şertleriň eýeleýän möhüm ornuny bellenip geçdiler.

Baýramçylyk dabarasynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň zehinli talyplarynyň hem-de sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde eziz Diýarymyzy, Garaşsyzlygymyzy, parahatçylygy wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlar, tanslar we goşgy diňlemeleri ýaýbaňlandyryldy. Ýaňlanan baýramçylyk aýdymlary çärä gatnaşyjylara uly ruhy joşgun paýlady.

Dabaranyň soňunda gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda yzygiderli alada edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

TSTP