Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Dost-doganlyk-parahatçylygyň we gülläp ösüşiň nusgalyk ýoly» atly maslahat geçirildi. 

Häzirki zaman syýasy dünýäsiniň soňky 30 ýylynyň wakalary Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly ygrarly bolup gelýändigini jahana aýan etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna 30 ýyl dolýar. Bitaraplygy BMG tarapyndan ýörite Kararnama bilen ykrar edilen döwletimiz geçen otuz ýylyň dowamynda Milletler Bileleşiginiň iň ynamdar hem strategik hyzmatdaşyna öwrüldi. Ýer ýüzüniň halklarynyň ynanyşyp, parahatçylykda ýaşamaklarynyň, dünýä giňişliginde asuda durmuşyň höküm sürmeginiň hatyrasyna Türkmenistan bilen BMG-niň maksatlary biri-birinden asla üzňe däldir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çuň mazmunly çykyşlary hem-de ähli halklaryň bähbidine gönükdirip beýan eden wajyp başlangyçlary şaýatlyk edýär. 

Maslahatyň dowamynda Bitaraplyk syýasatynyň halkara giňişliginde uly goldaw tapýandygyna, Watanymyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanýandygyna, bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň giňden goldanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip giňişleýin belläp geçdiler. 

Maslahat gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarynyň çäksizdigini beýan etdiler.

TSTP