Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ýedi hazynaly daýhan» daýhan hojalygynyň ýyladyşhanasynda «Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Hemişelik Bitaraplygymyzda agzybir halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilikli däpleriniň dabaralanýandygyny görmek bolýar. Döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynda dost-doganlyk we birek-birege hormat goýmak kadalaryna berk eýerýär. Bu gatnaşyklaryň netijesinde bolsa, halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan daşary syýasy şertler has hem pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirýän öz ygtyýarly döwlet hökmünde giňden tanalýar. Döwletimiziň barha ýokary derejä eýe bolýan halkara abraýy we eýeleýän mynasyp orny buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we asuda, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurtlaryň hatarynda giňden tanalýar. 

Halkymyzy has-da bagtyýar geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

TSTP