Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýat kitaphanasynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Geçirilen çärede Baky Bitarap Döwletimiziň gün saýyn artýan şan-şöhraty barada buýsançly gürrüňler edildi. Geçirilen çärä partiýanyň işjeň agzalary we telekeçiler gatnaşdylar. 

            Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar ýurdumyzda döredilip berýän ähli mümkinçilikleri üçin  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP