Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýatynyň Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynyň XVII jildi Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary, «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitleri, saglygy goraýyş ulgamyndaky ägirt uly ösüşleri okyjylara ýetirýändigini aýdyp, olar dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Kitapda ýazylan maglumatlaryň ählisi bize we geljek nesillerimize gymmatly gollanma bolup hyzmat etjekdigi barada aýdyp, bize şeýle ajaýyp kitaplary yzygiderli sowgat berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Halkymyzyň abadan parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber alada edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP