Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýatynyň Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ruhunda terbiýelemek, şeýle hem olaryň telekeçilige bolan höweslerini has-da artdyrmak maksady bilen welaýatymyzyň tanymal telekeçileriniň gatnaşmagynda «Nusgalyk telekeçi» atly duşuşyk geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerde ýaş nesle aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşlary ähli ulgamlarda täzeçil başlangyçlary bilen çykyş edýärler, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Döwrüň täze talaplaryna laýyklykda ýaşlary giň mümkinçilikler bilen üpjün etmek, olarda döredijilikli pikiri, döwrebap dünýägaraýşy ösdürmek ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň arasynda köp ýyllardan bäri zähmet çekýän halypa telekeçiler bilen duşuşyklaryň gurnalmagy bolsa ýaşlarda telekeçilik işine uly höwes döredýär.
Ýaşlara, okamaga, işlemäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP