Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň täze neşirleriniň — «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly eseriniň çap edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi buýsançly wakalaryň biri boldy. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary halkymyzyň saglygyny berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle-de, olarda ýurdumyzda her bir ulgamda gazanylýan beýik ösüşler öz aýdyň beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri hünär baýramçylygynda ak ýektaýly lukmanlara ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ynsan saglygyny goramakda, bejermekde, sagdyn nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan beýik işleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Ata Watanymyzda raýatlarymyzyň sagdyn, ýurdumyzyň abadan bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP