Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti tarapyndan birleşmäniň mejlisler jaýynda şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.

Milletler Bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi halkymyz üçin uly mertebedir.  Bitaraplyk — belent dereje, halkara abraýdyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi daşary syýasatymyzda gazanylan uly üstünlikdir. Türkmenistan dünýä ýurtlaryna dostlukly goluny uzadýar. Ýurdumyz dost-doganlygyň, parahatçylygyň, dünýä derejesinde  geçirilýän ylmy-amaly maslahatlaryň, forumlaryň merkezine öwrüldi. Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzdan ugur alýan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgämiz mynasyp ösdürilýär. 

Halkymyz üçin parahat, asuda asmanyň aşagynda ýaşamak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

TSTP