Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ýörite geýimler» hususy kärhanasynda, partiýa agzalarynyň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilmeli Türkmenistanyň Halk maslahatynyň il-ýurt bähbitli ähmiýeti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisiniň möhüm ähmiýeti barada çykyş etdiler.
Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza işlemek, asuda-parahat ýaşamak üçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP