Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň ýanyndaky işewür zenanlar merkeziniň Mary welaýat işewür zenanlar bölüminiň geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mejlisler jaýynda ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, şeýle hem olaryň telekeçilige bolan höweslerini has-da artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň tanymal telekeçisi Aýhan Rejepowa bilen «Nusgalyk telekeçi» atly duşuşygy geçirildi.
Telekeçilik hem ýurduň ykdysady ösüşini gazanmagyň, ilaty iş bilen üpjün etmegiň, jemgyýetiň ösüşine goşant goşmagyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän hususy telekeçileriň arasynda zenanlaryň hem bolmagy buýsandyrýar. Telekeçilik bilen meşgullanýan zenanlaryň aglaba köpçüligi bu günki gün halypa-şägirtlik ýoluny yzygiderli dowam etdirýärler. Telekeçi zenanlar bu günki gün haly we haly önümlerini öndürip, milli lybaslaryň, amaly-haşam sungatynyň nusgalyk görnüşlerini taýýarlap, milli baýlygymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bezeginiň artmagyna, dürli azyk önümlerini öndürip, ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goşant goşýarlar.
Telekeçilik hem ýurduň ykdysady ösüşini gazanmagyň, ilaty iş bilen üpjün etmegiň, jemgyýetiň ösüşine goşant goşmagyň möhüm ugrudyr. Maslahat duşuşygynyň dowamynda döwrüň belent mekdebi, ähli ugurda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
TSTP