Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Häzirki ajaýyp döwrümiz taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşini nazarlaýar. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň demokratik ýörelgesini has-da dabaralandyrdy. Şeýle asylly ýörelgelerimiziň esasynda döwletli başlangyçlar ýola goýulýar, halk bähbitli işlere badalga berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşinde berk binýat, röwşen geljege ak ýol bolup durýar.
Halkyň bähbitlerini öňe sürýän bu umumymilli forumda ýaşululara sala salynýar, olaryň sözi diňlenýär. Halal zähmeti bilen hormata mynasyp ýaşulular durmuşa geçirilýän işleriň beýikdigini, halk bähbitlidigini beýan edýärler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halk bähbitli, ýurt ähmiýetli çözgütler kabul edilip, döwletli tutumlara badalga berildi. Taryhy mejlisde kabul edilen möhüm çözgütler halkymyzda uly buýsanç döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Konstitusiýanyň kadalary, Türkmenistanyň kanunlary arkaly adam hukuklary goralýan hem-de kepillendirilýän demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
TSTP