Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Zenan-zeminiň bezegi, durmuşyň güli

          2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetinde  8-nji mart Halkara zenanlar güni  mynasybetli  telekeçi zenanlaryň baýramyny gutlap, “Zenan-zeminiň bezegi, durmuşyň güli” atly  dabaraly duşuşyk geçirildi. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli partiýanyň işjeň zenan agzalaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem  ýurdumyzyň zenanlaryna uly hormat, sarpa goýýan, Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyş aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabynda eziz enelerimiziň hormat-sarpasy, zenanlarymyzyň mertebesi, kümüş saçly enelerimiziň sargytlary bilen bilelikde käbelerimiziň paýhasy, buýsanjy beýan edilýändigi hem bizi begendirýär. Durmuşymyzyň ajaýyp bägülleri ýaly hemişe nur, bagt eçilýän mährem enelerimiz hakdaky aladany ilkinji orunda goýup, döwlet derejesine çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, alyp barýan döwletli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin diýip belläp geçdiler.  

TSTP