Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Arkadagyň ak ýoly-ösüşlere badalga

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynda Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we ony iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagyna giňden ýardam bermek maksady bilen, ”Arkadagyň ak ýoly-ösüşlere badalga” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda şeýle döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmäge, ýaşlarymyzyň iş orunlary bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berdi. Siziň ähliňizede täze döwrebap ýyladyşhanada zähmet üstünliklerine beslenip işlemegiňizi arzuw edýärin.  Halkymyzyň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda uly alada edýän  Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri  elmydama rowaç bolsun! diýip öz çykyşlarynda aýtdylar. 

TSTP