Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

“Sagdyn durmuş ýörelgesi Arkadagyň göreldesi ”

2021-nji ýylyň  aprel  aýynyň  9-na Balkan welaýatynyň  Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda, TDP-niň Balkan welaýat komiteti, TKA-niň Balkan welaýat birleşigi, TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölümi, TAP-niň Balkan welaýat komiteti, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, TSTP-niň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda “Sagdyn durmuş ýörelgesi  Arkadagyň göreldesi ” atly  maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy gün-günden ösýär, özgerýär, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaç alýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş, sagaldyş we bedenterbiýe-sport desgalarynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzda Sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan köpçülikleýin çäreler berk bedenli ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin jemgyýetçilik-syýasy çäreler ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňynda halka, Watana, hormatly Prezidentimize bolan söýgini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolmak bilen, halkymyzyň saglygyny goramakda, ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, bilimli, edep-terbiýeli, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerine hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermeginiň, türkmen sportynyň abraýyny has-da belende götermegiň döwrüdir. Döwletimiziň, halkymyzyň eşretli we asuda, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” Diýen ynsanperwer ýörelgesiniň esasy maksady, mähriban Watanymyzda  her bir raýatyň halal zähmet çekmeginiň esasynda bagtly, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşamagy gazanmakdyr.

Çäräniň soňunda şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna hem-de  il-ýurt bähbitli alyp barýan ägit uly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

TSTP