Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ezber elli, hünärli ýaşlar

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ykdysadyýatyýetiň ähli ulgamlaryny ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler  partiýasynyň döredilmegi we onuň agzalarynyň ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy hususy işewürligi ösdürmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlary goldamak üçin oňaýly şertleriň döredilýänligidir. Bu barada Hormatly Prezidentimiz: “Telekeçileri hemme taraplaýyn goldamak döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Bu goldaw türkmen telekeçilerine ýurdumyza bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarlary bäsleşige ukyply harytlar bilen üpjün etmäge, öňdebaryjy tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmaga, täze önümleri çykarmaga giň mümkinçilik berýär”  diýip nygtaýar.

 Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek işi ýaly meseleler telekeçileriň esasy öňde goýýan baş maksadyna öwrüldi. Muňa türkmen telekeçileri özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri hem  Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň çäginde  ýerleşýän “Akgaýa” hojalyk jemgyýetidir. 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda “Akgaýa” hojalyk jemgyýetiniň  gurluşyk serişdelerini we gipsokartony öndürýän kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda “Ezber elli, hünärli  ýaşlar” atly hünär bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik örän çekeleşikli ýagdaýda geçip, onda ýeňiji bolan hünärmenlere Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler  partiýasynyň Balkan welaýat komiteti tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda kärhanada zähmet çekýän  telekeçiler we hünärmenler, bize  şeýle ajaýyp mümkinçilikleri  döredip berýän  Gahrym an Arkadagymyza tüýs ýürekden çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar we Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP