Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda 2021-nji ýyl “Türkmenistan -parahatçylygyň  we ynanyşmagyň Watany”ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli “Parahatçylygyň  we ösüşiň hatyrasyna  hyzmatdaşlygy” atly maslahat duşuşygy geçirildi.  Duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy Hajyýew Toýmämmet çykyş edip,  Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hususy telekeçiligi ösdürmekde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Aslynda ýurdumyzyň telekeçilerini, işewürlerini döwlet tarapyndan goldamak, olara hemme taraplaýyn hemaýat etmek Arkadag Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýratyn ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda  telekeçiligi ösdürmek babatda döwlet derejesinde şunuň ýaly aladalar etmeginiň aňyrsynda uly many bar. Sebäbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmakda ägirt uly işler alnyp barylýar. 2021-nji ýyl “Türkmenistan - parahatçylygyň  we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa her bir  türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Arkadag Prezidentimiziň  öňden görüjülikli döwlet syýasaty arkaly durmuşymyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň   hususy bölegini hemmetaraplaýyn goldamagyň aýratyn ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýanlygy bilen  berk baglanyşyklydyr. Sebäbi ýurdumyzda öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň ykdysadyýetimizde  tutýan paýyny artdyrmak  mähriban Prezidentimiziň durmuş-ykdysady  özgertmelerinde möhüm orny eýeleýär. Döredilýän şunuň ýaly giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanmak bilen, içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, şeýlelikde bolsa, köpugrly ösüş arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýadyny pugtalandyrmakda telekeçilerimiziň eýeleýän sepgitleri guwandyrjydygy barada giňişleýin belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda çykyş eden ýoldaşlar,  biz telekeçilere we ýaşlara uly goldaw berýän Hormatly Arkadagymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys. Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri mundan hem beýläk rowaç almagyny arzuw edildi.

TSTP