Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

Telekeçilik we ýaşlary

Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky aladany hem öz içine alýar. Şonuň üçinem Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek we olary iş bilen üpjün etmek aýratyn orun alýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda maslahat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda türkmen telekeçileriniň has-da ösdürilmegi, hususy telekeçilere döwlet tarapyndan giň goldaw-hemaýat berilmegi we  ýaş  telekeçileriň ýurduň ykdysadyýetine goşýan goşantlary barada aýdyldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýaşlary telekeçilik işine çekmek, ýaş nesillerimiziň alan hünär bilimini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik ugurlarynda has-da oňaýly peýdalanmaklary üçin öňde goýlan maksatlar bellenilip geçildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar  ýaşlara telekeçilik işini alyp barmakda  giň mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize öz sagbolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP