Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr” diýen pähim-parasatly sözleri taryhy wakalar bilen şöhratlanýan üstümizdäki ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Sebäbi ýurt Baştutanymyzyň teklibi bilen 2021-nji — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy dag aşar. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlygymyz türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Şonuň üçinem bu sene her birimizde çäksiz guwanç duýgusyny döredýär.
TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary taryhy senäniň ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde telekeçileriň arasynda degerli işleri alyp barýarlar. Biz Beýik Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren bagtyýarlygy, eşretli günleri barada wagyz-nesihat häsiýetli çäreleri geçirýäris. Barha golaý gelýän şanly senäni mynasyp garşylamagy maksat edinýän telekeçilerimiziň işleri rowaç alýar.
Maral DURDYÝEWA