Her bir halkyň taryhynda onuň ykbalyny, mertebesini we geljegini kesgitleýän şanly seneler bolýar. Emma türkmen halky üçin Garaşsyzlyk diňe bir taryhy waka däl-de, eýsem, pederlerimiziň asyrlarboýy kalbynda beslän, iň mukaddes arzuwynyň hasyl bolmasydyr. Ol Gorkut atanyň boýlarynda, Görogly begiň namasynda, Magtymguly Pyragynyň ylahy ylhamynda hem-de merdana pederlerimiziň guran kuwwatly döwletleriniň binýadynda ýaşan barlyk güýjidir. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Türkmenistan döwletimiz öz Garaşsyzlygyny gazanyp, özbaşdak ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Bu mukaddeslik halkymyzyň milliligini, ene dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmäge, dünýä medeniýetiniň sahnasyna täzeçe milli öwüşgin bilen çykmaga giň mümkinçilikler döretdi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolsa Garaşsyzlygymyzyň kuwwatly ganatyna öwrülip, eziz Diýarymyzy sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň pajarlaýan merkezine öwürdi. Garaşsyzlyga eýe bolan ata Watanymyzda gysga wagtda asyrlara barabar işler bitirildi. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat, sebitde deňi-taýy bolmadyk, «akylly» şäher konsepsiýasyna eýe bolan Arkadag şäheri, galyberse-de, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen ençeme binagärlik toplumy Garaşsyzlygyň halkymyza beren bagtydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň hasyl bolan köňül arzuwydyr, galkynan ykbalydyr» diýen ganatly jümleleri bu aýdylanlary aýdyň tassyklaýar. Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk diňe bir syýasy düşünje bolman, eýsem, ýurduň erkinligidir, öz topragyňda öz saýlan ýoluň bilen dünýä çykmakdyr. Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, düýpgöter täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Şu geçen ýyllarda ýurdumyzda azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi, kämil döwlet dolandyryş edaralary döredildi. Döwlet, jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler tapgyrma-tapgyr ornaşdyryldy. Eýsem, mukaddes Garaşsyzlygymyz bize diňe bir Garaşsyz döwlet bolmagy däl-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän häzirki zamanyň derwaýys wezipelerine jogap berýän halkara başlangyçlaryny we tekliplerini yzygiderli durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornunyň binýadyny has-da düýpli mazmun bilen baýlaşdyrmaga esas bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz ählumumy abadançylyk ugrunda giň we oňyn gepleşikleriň geçirilmegini ileri tutup, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň oýlanyşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bu babatda, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze we netijeli gurallary bilen kämilleşýär. Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine laýyklykda, iri we abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ähli gyzyklanýan taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan halkara we sebit guramalarynyň ençemesiniň agzasy bolmagy bilen bir hatarda, özüniň milli bähbitlerine görä, şeýle hem Bitaraplyk halkara-hukuk derejesinden gelip çykýan borçlaryndan ugur alyp, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky tagallalara mynasyp we saldamly goşandyny goşýar. Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlarboýy gorap saklan mukaddes topragynda Garaşsyzlygyň saýasynda agzybirligiň, dostlugyň we parahatçylygyň ajaýyp owazy ýaňlanýar. Munuň özi döwletimiziň halkara abraýyny görkezmek bilen birlikde her bir türkmen raýatynyň, aýratyn hem biz — ýaşlaryň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar. Bu gün biz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Garaşsyzlyk biziň her birimiziň ýüregimizdäki Watana bolan söýginiň öçmejek alawy bolup, berkarar döwletimizi has-da belent sepgitlere alyp barýar.Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň 35 ýyllyk şanly toýy bilen, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ýurdumyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys. Beýik sepgitlere ýetmekde gujur-yhlasyny gaýgyrmaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.