Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • HUSUSY PUDAGYŇ ÖSÜŞI — DURMUŞ -YKDYSADY GALKYNYŞYŇ HEREKETLENDIRIJISI

    Garaşsyz,...

  • JOŞGUNLY ZÄHMETIŇ DABARALANMASY

    Berkarar...

  • MILLI YKDYSADYÝETIŇ KUWWATY

    07.11....

  • GARABOGAZ — GAZAGYSTAN SERHEDINE ÇEKILÝÄN TÄZE AWTOMOBIL ÝOLY — HALKARA ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNYŇ MÖHÜM HALKASY

    Berkarar...

  • HÜNÄR BAÝRAMYNDA

    Öň­...

  • Dowamy

HUSUSY PUDAGYŇ ÖSÜŞI — DURMUŞ -YKDYSADY GALKYNYŞYŇ HEREKETLENDIRIJISI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda we halkara giňişlikde abraýynyň artmagynda hususy pudagyň, ýagny telekeçiligiň strategik orny bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, önümçilik we eksport kuwwatyny has-da artdyrmak babatda hususy pudaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary häzirki wagtda diňe bir içerki bazary harytlar bilen üpjün etmek däl, eýsem, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazaryna çykarmakda hem öňdebaryjy güýje öwrüldiler. Ýakyn günlerde  geçirilen iri halkara çäreler, has takygy «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara sergi we maslahat, Hytaýyň Şanhaý şäherinde guralan Türkmen-hytaý işewürlik forumy hem-de ýurdumyzda her ýyl dabaraly bellenilýän Hasyl toýy türkmen telekeçileriniň berkarar Watanymyzyň ykdysady durnuklylygyna, azyk howpsuzlygyna we halkara abraýyna goşýan goşandyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

3 — 5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara sergi we maslahat hususy pudagyň döwrebap innowasiýalary, sanly ulgamy we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige girizmekde nähili uly sepgitlere ýetendigini görkezdi. Bu giň gerimli işewürlik meýdanýçasynda türkmen telekeçileri diňe bir gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, binagärçiligi däl, eýsem, energetika, himiýa pudaklarynda, şeýle-de binalary dolandyrmak ulgamynda çylşyrymly inženerçilik çözgütlerini hem görkezmegi başardylar. Häzirki wagtda hususy düzümler döwlet ähmiýetli iri taslamalary, ýagny täze «akylly» şäherleri, döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny, uly senagat kärhanalaryny we sebitara awtomobil ýollaryny gurmakda esasy baş potratçylar hökmünde çykyş edýärler. Halkara forumda gazanylan ylalaşyklar hususy pudagyň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge ukyplydygyny ýene bir gezek tassyklady. Bu bolsa ýurdumyzyň senagatlaşma  syýasatyny çaltlandyrmaga gönüden-göni ýardam edýär, türkmen telekeçileriniň halkara bazaryna ynamly girmegine şert döredýär.

Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde we halkara ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmakda daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan halkara forumlar möhüm orun tutýar. Dünýäniň iň uly maliýe we ykdysady merkezleriniň biri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen Türkmen-hytaý işewürlik forumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu forumda hususy pudagyň wekilleri Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almak, önümçiligi bilelikde dolandyrmak we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça möhüm ylalaşyklary gazandylar. 

Häzirki wagtda türkmen telekeçileri öz haryt nyşanlaryny halkara derejede ynamly öňe sürýärler. Şanhaý forumy hususy pudagyň dünýäniň iň uly ykdysadyýetleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gurap bilýändigini, logistika, dokma senagaty, himiýa önümçiligi we ekologiýa taýdan arassa azyk harytlaryň eksportyny uly göwrümlerde amala aşyrmaga taýýardygyny görkezdi. Bu bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de Türkmenistany dünýä ykdysady zynjyrynyň möhüm bölegine öwürmäge ýardam edýär.

Ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygynyň, halkymyň bolçulygynyň we azyk howpsuzlygynyň binýady bolan oba hojalygynda hem hususy pudagyň ähmiýeti ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uly dabaralar bilen bellenilýän Hasyl toýy munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde telekeçiler we hususy daýhan hojalyklary bu pudagyň ösüşini kesgitleýän esasy güýje öwrüldiler. Hususy pudak döwrebap ýyladyşhanalary gurnamak, suw serişdelerini aýawly ulanmak hem-de çig mallary gaýtadan işläp, taýyn azyk önümlerini öndürmek arkaly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Hasyl toýuna uly zähmet sowgatlary bilen geldirler. Agrosenagat pudagynda telekeçiler diňe bir gök-bakja we miwe önümlerini däl, eýsem süýt, et we däne önümleriniň bolçulygyny döredip, importyň ornuny tutmakda uly üstünliklere ýetdiler. 

Täze taryhy döwürde hususy pudagyň yzygiderli ösüşi diňe bir makroykdysady görkezijiler we eksport sanlary bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň durmuş ulgamyndaky taslamalarda hem gönüden-göni oňyn täsirini ýetirýär. Telekeçilik işiniň geriminiň giňelmegi we täze kärhanalaryň, zawodlaryň yzygiderli açylmagy netijesinde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda müňlerçe täze we durnukly iş orunlary döredilýär. Bu bolsa öz gezeginde ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, durnukly girdeji çeşmesini emele getirmäge goşant goşýar. Şunuň bilen birlikde, hususy kärhanalar häzirki zaman tehnologiýalaryny dolandyrmaga ukyply ýokary derejeli milli hünärmenleri taýýarlamaga, ýaşlaryň innowasion ylymlary özleşdirmegine we tejribe toplamagyna maýa goýýarlar.

Döwlet we hususy hyzmatdaşlygyň geljekde hem durnukly ösmegi Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulmagyna, ykdysady özygtyýarlylygynyň has-da berkemegine we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna kuwwatly itergi beriji güýç bolup hyzmat eder. Ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Baýrammyrat Ataýew, Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.