Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik hem-de halk demokratiýasy rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly işlerini we pähim-paýhasly ýörelgelerini döwrebap derejede dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ulgamy barha kämilleşýär. Milli demokratiýamyz iň öňdebaryjy ylmy pikir-garaýyşlara hem-de milletimiziň gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet syýasatynyň iň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde dabaralanýar. Milletimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan demokratik tejribesi, il-günüň bagtyýarlygy we döwletiň kuwwatlanmagy ugrundaky iň wajyp wezipeleri ählihalk bolup geňeşmek däbine daýanýar. Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem hut şu belent maksatlara gulluk edýär. Parasatly türkmen halky müňýyllyklara uzaýan taryhy ösüş ýolunda döwletiň we il-günüň ykbalyna täsirini ýetirýän her bir möhüm meseläni halk köpçüligi, tejribeli ýaşulular we pähimdar şahsyýetler bilen maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek ýaly ajaýyp demokratik ýörelgeleri kemala getiripdir. Mununuň şeýledigini parasatly pederlerimiziň döreden we biziň şu günki günümize çenli gymmatyny ýitirmän gelýän pähimler hem aýdyň görkezýär. Halk arasynda giňden ýaýran «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Iliň güýji — siliň güýji», «Il bilen gelen toýda-baýram», «Halk aýtsa, galp aýtmaz» ýaly parasatly sözler döwlet dolandyrmakda halkyň tejribesiniň näderejede ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu gadymy ýörelgelerimizi, milli demokratiýamyzy, jebisligimizi we agzybirligimizi häzirki zaman şertlerinde döredijilikli kämilleşdirmek ugrundaky taryhy tagallalary ýurdumyzy täze ösüşlere besleýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda asylly däbe öwrülen möhüm waka — şanly baýramyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi uly taryhy ähmiýete eýedir. 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek bu ählihalk forumy halkymyzy has-da jebisleşdirmekde we döwletimiziň mundan beýläk-de durnukly ösmegine gönükdirilen taryhy çözgütleri kabul etmekde wajyp tapgyr bolar. Halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakda, halkyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty iň ýokary wekilçilikli edara hökmünde çykyş edýär. Döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmek, hukuk ulgamyny halkara standartlara laýyklykda kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek döwlet syýasatynyň özenidir. Şeýle hem döwlet bilen raýatlaryň arasynda sazlaşykly, özara ynanyşmak we hormat goýmak gatnaşyklaryny üpjün etmek häzirki zaman türkmen jemgyýetini täze taryhy belentliklere galkyndyrýar. Esasy Kanunymyza laýyklykda, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahaty bilen bilelikde, ýerlerde döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary we geňeşler hem utgaşykly hereket edýärler. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda ýokary işjeňlik we guramaçylyk ruhy höküm sürýär. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk işleri yzygiderli guralýar. Şunuň bilen baglylykda, ýerlerde yzygiderli guralýan wagyz-nesihat duşuşyklarynda we maslahatlarda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleriň taryhy ähmiýeti aýdyňlaşdyrylýar. Bu çärelerde döwletimiziň barha artýan halkara abraýy, şeýle hem kabul edilen milli maksatnamalaryň, durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň mazmuny we ähmiýeti halk köpçüligine giňişleýin düşündirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, kazyýet, hukuk goraýjy edaralarynyň we medeniýet işgärleriniň hem möhüm wezipeleriniň özenini düzýär. Bu ählihalk forumyna ýurdumyzyň bäş welaýatyndan, ähli etrap we şäherlerinden saýlanan abraýly wekiller gatnaşar. Maslahatyň düzüminde dürli ýaşdaky we kesp-kärdäki adamlar, parasatly ýaşulular, mährem eneler, önümçilik wekilleri, lukmanlar, mugallymlar hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwadyny berkitmäge saldamly goşant goşýan hususy işewürler hem-de telekeçiler bolar. Halk Maslahatynyň mejlisinde Watanymyzyň ösüşli ýollary, halkyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde öňde goýulýan belent maksatlar hakyndaky täze pikir-garaýyşlar we başlangyçlar diňleniler. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň strategik ugurlaryna içgin göz ýetirilmegi, ýurdumyzyň täze taryhy ýyl ýazgysynda görnükli orun alýan tutumly işler bilen ýakyndan tanyşylmagy geljekki ösüşlerimiziň binýadyny has-da berkider. Raýatlaryň wekilleriniň döwlet ähmiýetli maslahatda çykyp geplemegi, öz tekliplerini öňe sürmegi halk häkimiýetliliginiň iň aýdyň dabaralanmasydyr. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygardan ugur alnyp, ýurdumyzda halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi doly üpjün edilýär. Bu bolsa eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň parahat, asuda we eşretli durmuşda ýaşamagyny şertlendirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul ediljek täze döwletli çözgütler, tassyklanmaly maksatnamalar halkymyzyň ýagty we bagtyýar geljegine şugla saçar. Häzirki we geljekki nesilleriň abadan, bagtly ýaşaýşy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, bütin adamzat bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.