Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ÝEWROPA YKLYMYNDA - AHALTEKE BEDEWLERINIŇ OWAZASY ÝAŇ SALÝAR

Ak arzuwlara, ýagşy umytlara beslenip gelen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylymyzyň şygary baý many-mazmuny özünde jemleýär. Bu şygarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri netijesinde okgunly öňe barýan ýurdumyzyň beýik ösüşlerinde belent buýsanç aýdyň beýanyny tapýar. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram edýär. Toý-baýramly ýylyň nyşany hem özboluşly sungat eserini ýada salýar. Onda toý bagyny kesip barýan gamyşgulak türkmen bedewiniň şekillendirilmegi bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini alamatlandyrýar. Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli köpasyrlyk ýol geçip, özüniň kämilligi bilen Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlary haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Geçen asyryň ikinji ýarymyndan başlap Germaniýada, Fransiýada, Şweýsariýada, Italiýada we Niderlandlarda ahalteke tohumyna bolan gyzyklanma täzeden güýçlendi. Ýewropaly atşynaslar tarapyndan döredilen Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy bu ulgamda möhüm guramaçylyk hyzmatyny ýerine ýetirýär. Ol tohumyň genofondyny arassa saklamak, Ýewropanyň şertlerinde bedewleri sporta uýgunlaşdyrmak we genetiki barlaglary geçirmek boýunça uly işleri alyp barýar. Bu gurama Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistan — ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýän mekany, bu tohumy döreden gadymy toprak we baş seleksiýa merkezi. Ýewropaly atşynaslar bu tohum atlar boýunça her ýyl Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyp, tohumyň arassalygy, genetika we sport integrasiýasy barada tejribe alyşýarlar. Olar atçylyk forumlarynda hem-de neşirlerde yzygiderli çykyş edip, Ýewropada ahalteke atçylygyny ösdürmäge we wagyz etmäge uly goşant goşýarlar. Awstriýada ýaşaýan atşynas hem-de weterinar lukman Markus Hubman «Endurance Horses» atçylyk hojalygyny, germaniýaly Katarina Ýakob «Akhal-Teke Zuchtverein» guramasyny, Ýožef Nýeki Wengriýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasyny dolandyrmak, Ýaroslaw Dražan bolsa Çehiýada ahalteke atçylygynyň düýbüni tutmak bilen, Ýewropada arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeldýärler, aralyk çapyşyklara taýýarlaýarlar we halkara gözden geçirilişlere hünärmen hökmünde gatnaşýarlar. Häzirki zaman dünýä atçylyk senagatynda iki sany uly meýil bar: birinjisi — ýewropalylaryň (aň, anatomiya we böküş tehnikasy) standartlaşdyran ýarym arassa ganly sport tohumlary, ikinjisi bolsa müňýyllyklaryň seçgiçiliginden geçen arassa ganly genofonddyr. Ýewropaly seçgiçiler ahalteke bedewiniň çydamlylygyna, uzak aralyklara geçirilýän ýaryşlardaky fiziki durnuklylygyna, iň esasysy bolsa, tohumyň arassalygyna uly üns berýärler. Şonuň üçin Ýewropadaky ahalteke atçylyk ulgamy ahalteke atlaryny diňe bir owadan «eksponat» hökmünde däl, eýsem, olaryň işjeň sport häsiýetlerini hem saklap galmaga çalyşýar. Atyň bedeniniň altyn-metallik öwüşgini hem-de «gurak» anatomiýasy ýewropalylary haýran galdyrýar. Ýewropada «warmblood» (ýarym arassa ganly) diýlip atlandyrylýan sport atlary juda köp, ahalteke bedewleri bolsa seýrek duş gelýän özboluşly ekzotika hasaplanýar. Ahalteke bedewleriniň abraýly halkara atçylyk bäsleşikleriniň çäklerinde özüne mynasyp orun almagy olara uly meşhurlyk we şöhrat getirýär. Dünýäniň häzirki zaman weterinar we ylmy-genetika barlaghanalarynyň ünsüni Türkmenistanyň atçylyk genofondyna çekýär. Ahalteke bedewlerimiziň Niderlandlar Patyşalygyndaky bäsleşikleri ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara diplomatiýasynyň netijeliligini, işjeňligini görkezýär hem-de Ýewropa yklymynda tohumyň geljekki seçgiçilik ýoluny kesgitleýän möhüm tapgyr bolup hyzmat edýär. Bu çäre milli we halkara atçylyk pudaklarynyň ylmy-amaly hem-de tejribe taýdan utgaşýan meýdançasyna öwrüldi. Şonuň üçin ony «halklary we yklymlary birleşdirýän medeni köpri» diýip atlandyryp bolar. 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň «dünýä paýtagtyna» öwrüldi. Taryhda ilkinji gezek Ýewropa giňişliginde ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionaty, gözellik bäsleşigi, etnografik sergi hem-de ylmy-amaly maslahat ýaly tutumly çäreler geçirildi. Bu waka diňe bir giň gerimli sport ýa-da baýramçylyk çäresi bolman, eýsem, Türkmenistanyň milli gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä giňişligindäki ornuny täze derejä çykaran medeni diplomatik üstünlikdir. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri dowamat dowam bolsun! Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.