Il bähbitli, ýurt ähmiýetli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri köpçüligiň pikirini diňläp, halka sala salyp çözmek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biridir. Türkmen halkynda indi däbe öwrülip giden bu ýörelge agzybirlik, jebislik, durnukly ösüş ýaly umumy jemgyýetçilik ähmiýetli gymmatlyklaryňdyr ýurtda durmuş-ykdysady taýdan gazanylanlaryň has berkidilmeginde-de möhüm orna eýedir. Çünki milli demokratiýanyň özboluşly alamatlarynyň biri bolan geňeş däbinde il-ýurt bähbitli, jemgyýetçilik ähmiýetli meselelerde raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny, tekliplerini beýan etmegi arkaly syýasy taýdan işjeňliginiň artmagyna, durmuşa geçirilýän özgertmelere öz sesini, goşandyny goşmagyna giň mümkinçilikler döreýär. Netijede, jemgyýetiň aýry-aýry gatlaklaryndan, dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň pikirleridir islegleriniň nazara alynmagy bilen, meseläniň dogry çözgüdiniň kabul edilmegi, öňde durýan wajyp wezipeleriň takyk kesgitlenilmegi, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösüşi gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň netijesinde häzirki döwürde türkmen jemgyýetinde şeýle demokratik däpler, asylly ýol-ýörelgeler yzygiderli berkidilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ugurda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän 2026-njy ýyl taryhy wakalara beslenýär. Şol wakalardyr gazanylýan uly zähmet üstünlikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy giňden bellenilýän şanly ýyly has-da şöhratlandyrýar. Her ýyl altyn güýzüň ilkinji aýynda, şeýle taryhy günlerde, ýagny ata Watanymyzyň ähli gazananlarynyň gözbaşynda duran mukaddes gymmatlygymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň şanyna uludan toýlanylýan baş baýramymyzyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmeginde-de özboluşly many bar. Jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän uly ähmiýete eýe bolan bu waka ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýyllarynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri seljermek, geljegi nazarlap, iň wajyp wezipeleri kesgitlemek üçin möhüm pursatdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi parasatly pederlerimiziň gadymy oguzlaryň döwründen bäri dowam edip gelýän geňeş däbiniň şu günki günüň ruhunda, döwrebap görnüşde, iň ýokary derejede dowamata atarylmasydyr. Ol Hökümet agzalaryny, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny, deputatlary, ýerlerdäki halk maslahatlarynyň agzalaryny, pähim-paýhas hazynasy hasaplanylýan il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly mährem eneleri, şeýle-de giň jemgyýetçiligiň wekillerini, şol sanda ýaşlary bir döwrede jemleýän umumymilli forumdyr. Bu ählihalk ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärede Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, onuň halkara abraýyny artdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär, döwletli işleriň başy başlanýar. Forumyň giň wekilçilikli düzümi, aýratyn-da, onda döwrüň talaplaryna laýyklykda öňde durýan wajyp wezipeleriň, jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleriň il arasynda uly hormat-sarpadan peýdalanýan, köpügören ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylmagy ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimiziň, demokratik däplerimiziň, ulyny sylamak, olaryň öwüt-ündewlerine gulak goýmak ýaly asylly edep-terbiýe kadalarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleri bilen bagly meseleler maslahatlaşylyp, geljekki döwür üçin iň derwaýys wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz böleginde — hususy ulgamda hem ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýyllarynda uly üstünlikleriň gazanylyp, belent sepgitlere ýetilendigini aýratyn nygtamak gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagynda aýratyn belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 30 müňe golaý agzasy bolup, döredilýän giň mümkinçilikleriň esasynda hususy ulgamda işjeň we netijeli halkara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan, täze, döwrebap önümçilikleri döredýän telekeçilerimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Häzirki döwürde bu pudagyň ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşindäki paýy yzygiderli ýokarlanýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüşinde bu pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek kesgitlenen möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty kanun esasynda ykrar edilen ygtyýarlyklara eýe bolan ýokary wekilçilikli edara bolup, ol ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy, jebisligi has-da berkidýär. Halkyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşleri bilen bagly döwlet maksatnamalarynyň, ileri tutulýan wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam bermek bilen birlikde, onuň jemgyýetiň jebisligini has pugtalandyrýan giň gerimli ynsanperwer işleriň rowaçlanmagynda-da uly ornunyň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýylsaýyn özgerýän Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde ýene-de sanlyja günlerden geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem döwlet ähmiýetli, il bähbitli adyl çözgütleri bilen taryhy wakalaryň birine öwrüljekdigine ynanýarys. Agzybirlik we jebislik, bitewülik ýoly bilen halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine, röwşen geljege tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara, üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Arslan TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.