Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEÝIK IŞLERE RUHLANDYRÝAN TUTUMLAR

Bagtyýar zamanamyzyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Bu hakykat «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň baýramçylyk dabaralarynyň öňüsyrasynda has-da aýdyň duýulýar. Şanly ýylyň altyn güýzüniň ilkinji günlerinde — 2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadaş şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagy hem Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen ýola nazar aýlap, ýurdumyzy mundan beýläk-de, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini kesgitlemekde möhüm ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy ähmiýetli umumy sapagy diňe bir ýaşlar üçin däl, eýsem, bütin ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik ulgamy üçin geljegiň anyk ýolgörkezijisine öwrüldi. Milli Liderimiziň çuňňur mazmunly çykyşynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, hususy pudagyň milli ykdysadyýetiň düzümindäki ornuna aýratyn üns çekmegi bizi has-da uly sepgitlere ruhlandyrýar we öňümizde anyk wezipeleri goýýar. Taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň güýjüne we ylmyna daýanyp, «Akylly jemgyýet» konsepsiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Uzak möhletleýin ösüşi we abadançylygy nazarlaýan bu innowasion başlangyç ykdysadyýetiň hususy pudagy, hususan-da, innowasion tehnologiýalar we sanly ulgam bilen bagly ugurlarda iş alyp barýan işewürler üçin hem uly mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda türkmen işewürleri sanly ykdysadyýet we elektron söwda bilen baglanyşykly döwrebap programmalary, emeli aň tehnologiýalaryny döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Türkmen telekeçileri tarapyndan gurulýan önümçilik kärhanalarynda «akylly» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy önümleriň hilini dünýä standartlaryna çykarmaga şert döredýär. Hormatly Arkadagymyzyň geçen umumy sapagynyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň halkara ulag geçelgeleriniň merkezindäki strategik ornuna bagyşlandy. Gahryman Arkadagymyzyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjy boýunça yzygiderli tagallalarynyň netijesinde alnyp barylýan işler hususy pudagyň logistika kompaniýalarynyň öňünde uly mümkinçilikleri açýar. Bu türkmen işewürleri halkara ýük daşamalary, döwrebap ammarlaryň we logistik merkezleriň gurluşygy bilen bagly ugurlarda uly maýa goýumlary özleşdirip, öňegidişlikleri gazanýarlar. Munuň özi hususy pudaga diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, sebit we dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply bolmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ösüşinde hususy pudagyň paýy barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen işewürleri diňe bir içerki bazar üçin harytlary öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge-de mynasyp goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy ähmiýetli çykyşynda: «Häzirki döwürde biziň ýurdumyz dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk edýär. Hususy işewürlik ugry, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar» diýip bellemegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda 30 müňden gowrak işewürleri birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürip, milli we sebit derejesindäki taslamalara, döwletara maksatnamalara işjeň gatnaşýarlar. Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda uzak möhletleýin ösüş üçin möhüm ähmiýeti bolan ugurda ýene bir wajyp başlangyjy öňe sürdi. Milli Liderimiz: «Türkme¬nis¬tan¬da dür¬li ugur¬lar bo¬ýun¬ça hal¬ka¬ra ylym-bi¬lim ýaş¬lar klas¬ter¬le¬ri¬ni döretmek üçin hu¬kuk we gu¬ra¬ma¬çy¬lyk şert¬le¬ri¬ni eme¬le ge¬tir¬me¬giň üs¬tün¬de iş¬le¬me¬gi tek¬lip ed¬ýä¬rin. Goý, beý¬le¬ki ýurt¬la¬ryň ze¬hin¬li ýaşla¬ry Türk¬me¬nis¬ta¬na gel¬sin¬ler, türkmen ýaş¬lary bi¬len bi¬le¬lik¬de öz dö¬re¬di¬ji¬lik mak¬sat¬la¬ry¬ny dur¬mu¬şa ge¬çir¬sin¬ler! Bu hem¬me¬ler üçin bähbit¬li bo¬lar» diýip, juda öňdengörüjilikli pikiri beýan etdi. Hormatly Arkadagymyzyň halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek baradaky başlangyjy telekeçilik dünýäsi bilen ýaşlaryň arasynda berk köpri bolmalydyr. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri ýaşlaryň innowasion pikirlerini we startaplaryny maliýeleşdirmäge, olara hemaýatkärlik etmäge işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri ýaşlaryň nazary bilimlerini, taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän täze iş orunlaryny hödürleýär. Ylym bilen önümçiligiň bitewi we sazlaşykly zynjyryny döretmek ýurdumyzda strategik maksatlaryň hatarynda durýar. Ylmyň gazananlary we innowasion tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi bolup durýar. Döwletimiziň alyp barýan ylmy syýasaty, ýerli telekeçileriň innowasion işjeňligi we döwlet Baştutanymyzyň ylym dünýäsine berýän şahsy nusgalyk goldawy ýurdumyzyň geljekde has-da kuwwatlanmagyny we dünýäniň ösen innowasion döwletleriniň hataryna goşulmagyny üpjün edýän esasy güýçlerdir. Ýurdumyzda ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly harytlaryň öndürilişiniň artmagyna mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde geçiren umumy sapagy ýaşlar, hünärmenler, işewürler, yhlasy, zehini, döredijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine goşant goşýan her bir raýat üçin gymmatly ähmiýete eýedir. Innowasiýalara, sanly ulgama we ýaşlaryň ylmy kuwwatyna daýanyp, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Bu ugurda bize ýol görkezýän we giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.