Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • ÝAŞ NESILLER — WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

    Berkarar...

  • ПРЕДПРИНИМАТЕЛЬСТВО НА ПОДЪЁМЕ

    В...

  • BITARAPLYK – PARAHAT WE ABADAN ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Hemişelik...

  • TÜRKMENISTAN — SAGDYN ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

    Berkarar...

  • HUSUSY PUDAGYŇ ÖSÜŞI — DURMUŞ -YKDYSADY GALKYNYŞYŇ HEREKETLENDIRIJISI

    Garaşsyz,...

  • Dowamy

ÝAŞ NESILLER — WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak beýik ösüşleriň ýolunda ynamly öňe barýar. Bu belent sepgitlere ýetmekde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda kemala gelen we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwlet ýaşlar syýasaty bu gün her bir ýaş türkmenistanlynyň kalbynda döredijilik ylhamyny oýarýar. Çünki ýaşlyk — diňe bir ömrüň iň ajaýyp döwri bolman, eýsem, täze pikirleriň, belent arzuwlaryň ganat gerýän, il-ýurt bähbitli beýik işleriň amala aşyrylýan çagydyr.

Garaşsyz Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan döwrebap bilim ojaklary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw mekdepleri, sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ylmy-barlag merkezleri ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň dünýä dillerini öwrenmekleri, halkara derejedäki ders we taslama olimpiadalaryna gatnaşmaklary, ylym we medeniýet bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle hem ýaş maşgalalary goldamak, ýaş hünärmenleri ýaşaýyş jaýlary we mynasyp iş orunlary bilen üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler olaryň ertirki güne bolan ynamyny has-da berkidýär.

Zähmetiň we zehiniň sarpalanýan ýurdunda her bir üstünlige mynasyp baha berilýär. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzda her ýyl döredijilikde, ylymda, bilimde we jemgyýetçilik durmuşynda tapawutlanan zehinlere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda bu dabara has-da uly ruhubelentlige beslendi. 2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyz Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan saýlanan 133 sany öňdebaryjy ýaş raýata Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy. Bu ýokary sylag diňe bir ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasy bolman, eýsem, olary geljekde has uly işlere ruhlandyrýan hormatyň nyşanydyr.

Döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde ýaşlar telekeçiliginiň we innowasion başlangyçlaryň orny gün-günden artýar. Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegine berilýän uly üns ýaşlaryň arasynda işewürlik ruhunyň giňden ýaýramagyna şert döredýär. Özbaşdak işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmek isleýän ýaşlar üçin hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi we salgyt ýeňillikleriniň döredilmegi täze kärhanalaryň döremegine güýçli badalga berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda guralýan ýörite okuw merkezleri, «Telekeçilik işine giriş» atly maksatnamalar hem-de tejribeli işewürleriň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklar ýaşlara bazar ykdysadyýetiniň inçe syrlaryny öwrenmäge we öz işini ynamly ýola goýmaga ýardam edýär.

Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar asyrynda ýaşlaryň täzeçil pikirlerini goldamak, olaryň oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän bäsleşikler hem aýratyn ähmiýete eýedir. 2026-njy ýylda ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy-tehniki döredijiligini ösdürmäge gönükdirilen birnäçe iri bäsleşikler we startap meýdançalary üstünlikli geçirilýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan her ýyl guralýan «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalar bäsleşigini aýratyn bellemek bolar. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýaş programmaçylary we oýlap tapyjylary tarapyndan 450-ä golaý täzeçil taslama hödürlendi. Emeli aň, robototehnika, akylly oba hojalygy, «akylly şäher», sanly bilim we elektron lukmançylyk ýaly ýedi möhüm ugry öz içine alan bu bäsleşik türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryna näderejede ussatlyk bilen erk edýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ýaşlaryň işewürlik ukyplaryny kämilleşdirmek we täze startap ekoulgamyny kemala getirmek ugrunda hem giň gerimli çäreler guralýar. Mysal üçin, Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Ýaş telekeçiler meýdançasy — 2026» atly hakaton bäsleşigi ýaşlaryň çalt pikirlenmek, toparlaýyn işlemek we sanly çözgütleri hakyky işewürlik taslamalaryna öwürmek başarnyklaryny ýüze çykarýar. Mundan başga-da, Şeýle bäsleşikler we maýadarlar bilen göni duşuşyk meýdançalary ýaşlaryň ýüreklerindäki arzuwlaryny hakyky önümçilige hem-de girdejili işewürlige öwürmäge giň ýol açýar.

Bu günki türkmen ýaşlary — öz köküne we milli gymmatlyklaryna ygrarly, şol bir wagtyň özünde dünýäniň ösen ylmyny we tehnologiýalaryny özleşdirýän, dörediji we gurujy nesildir. Döwletimiziň ýaşlara bildirýän belent ynamy, olaryň zähmetine berilýän ýokary baha hem-de innowasion telekeçiligi ösdürmek ugrunda döredilýän giň şertler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň berk kepilidir. Bagtyýar ýaşlarymyzyň zehin joşguny we innowasion ädimleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany geljekde hem täze belentliklere ýetirer. Bagtyýar zamanamyzda ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Guwanç AKMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary